Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Mejlisiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň - “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulg...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.
Mej...
STATEMENT FOR MEDIA
Recently, comments began to appear in a number of international media regarding the possibility of implementing a project for the supply of Turkmen natural gas in the western direction. We are talking about the construction of a gas pipeline along the bottom of the Caspian Sea in order to transport Turkmen "blue fuel" to European markets (the Trans-Caspian pipeline).
Such a “sudden” manifestation of interest in a large-scale project in the current conditions, in general, is understandable and...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekd...
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri a...