Tapylan netije sany: 2712
UNFPA-NYŇ SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýylla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANA SAPARY AMALA AŞYRYLAR
2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.
Ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçiriler, olaryň arasynda daşary syýasat...
AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine bäş hazarýaka döwletiň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilýetleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hazar boýunça güntertibiniň esasy meselelerini, hususan-da ylalaşygyň taslama...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag we logistika pudagy boýunça sebit mümkinçiliklerini has-da ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.
Tür...
DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.
Netijeli duşuşygyň dowamynda ministrler çuňňur strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gepleşikleriniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu nukdaýnazardan dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňligi aýratyn nygtaldy.
Türkmen tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞENBEDE DUŞUŞDYLAR
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
Oňyn häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Mer...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy.
Forumyň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi.
Ykdysady forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Şeýle hem forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew gatnaşdyla...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ HORMAT NYŞANY BILEN SYLAGLANDY
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistanda boldy.
Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp mas...