Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltm...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «ITALIÝA WE MERKEZI AZIÝA: ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGI, HYZMATDAŞLYGY WE ARKALAŞYGY BERKITMEK» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Italiýanyň Rim şäherinde «Italiýa we Merkezi Aziýa: özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy we arkalaşygy berkitmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.
Bu «Italiýa we Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji duşuşyk bolup, ol sebitiň ýurtlarynyň we Italiýanyň hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň we ýollarynyň kesgitlenilmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder. Maslahatyň barşynda oňa...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebitdäki hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşd...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi.
BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.
Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKSMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammad Ahmadi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.
Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň goňşy ýurdy bolan Eýran Yslam Respublika...
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ KOMMUNISTIK PARTIÝASYNYŇ MERKEZI KOMITETINIŇ DAŞARY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde...
MAÖADSM-NIŇ BINASYNDA MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ SUW WE ENERGETIKA SERIŞDELERINI REJELI ULLANMAK IŞI ÜÇIN TÄZE TEHNOLOGIÝALARY WE INNOWASIÝALARY ULLANMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Merkezi Aziýa uçin Öňüni alyş Diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we energetika serişdelerini rejeli ullanmak işi üçin täze tehnologiýalary we innowasiýalary ullanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatynyň maksady suw we energetia hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary barada çuňlaşdyrylan maglumatlary bermek, şeýle hem maksatlaýyn iş toparynyň maksatnamasynyň ýagdaýyny, iş...
BOSGUNLAR BOÝUNÇA BIRINJI GLOBAL FORUMYNYŇ IŞINE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGYNYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 17-18-nji dekabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilýän Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň işine gatnaşýar.
Foruma dünýäniň döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri hem-de hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Ženewada geçirilýän Forumyň açylyş dabarasynyň b...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA NOBATDAKY YNSANPERWER KÖMEGINI BERDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde b...