Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet işinde halkara hyzmatdaşlygy

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasyna gatnaşýar. Bu sessiýanyň işi 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda başlady we 26-njy maýyna çenli dowam eder.

CCPCJ-iň bu ýylky esasy mowzugy “Adyl kazyýete elýeterliligi üpjün etmek hem-de howpsuz we goragly jemgyýeti gurmak maksady bilen Adyl kaztýet ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak” bolup durýar.

Sesssiýanyň açylyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy jenap Csaba Körösi, Ykdysady we Durmuşy Geňeşiniň başlygy hanym Lachezara Stoeva, Neşe we jenaýatçylyk müdirliginiň ýerine ýetiriji sekretary hanym Ghada Waly, CCPCJ-iň 32-nji sessiýasynyň başlygy hanym Mary Mugwanja çykyş etdiler.

BMG-niň bu düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary jenaýatçylyga garşy göreş boýunça ählumumy tagallalaryň ösmeginde bu Komissiýanyň wajyp ornunyň bardygyny belläp, adyl kazyýet ýörelgeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berdiler. Şol bir wagtyň özünde Durnukly Ösüş boýunça 16-njy Maksada we ondan gelip çykýan wezipelere ýokary derejede üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda transmilli jenaýatçylyga garşy göreş boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeň ilerlemegine biziň ýurdumyzyň oňyn goşandy barada gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Ýurdumyzda guramaçylykly jenaýatyň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi boýunça anyk maksatlara gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Terrorizm, adam söwdasy, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly guramaçylykly jenaýatlara garşy gönükdirilen Milli maksatnamalaryň kabul edilmegi muňa mysal bolup durýar.

Türkmenistan BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýata garşy Konwensiýasyna we onuň protokollaryna gatnaşyjy-döwlet hökmünde bu resminamalaryň kadalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça syn geçirmek işine gatnaşýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň bu syny geçirmek işinde türkmen tarapyndan utgaşdyryjy bolup çykyş edýändigi we bu babatda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygy bellenildi.