CTBT: Ylym we tehnologiýa 2023 konferensiýanyň açylyş dabarasy

img
img
img
img
img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Awstriýanyň Wena şäherindäki “Hofburg” köşginde “CTBT: Ylym we tehnologiýa” konferensiýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu konferensiýanyň açylyş dabarasyna Türkmensitanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Amannazarow bu çäräniň geçirilýän ýerinden we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Konferensiýanyň dowamynda dünýäniň ylym-bilim we degişli döwlet edaralarynyň hem-de tehnologiýa öndürijileriň wekilleri ýer gatlaklaryndaky hadysalar, seýsmologiýa ýaly ugurlarda ileri tutulýan garaýyşlar we ýokary hilli tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Adat boýunça bu çäre Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama (CTBT) Guramasy boýunça Taýýarlaýyş kommissiýasy tarapyndan her iki ýyldan bir gezek geçirilýär we onuň bu ýylky ýedinji duşuşygy şu ýylyň 19-23-nji iýuny aralygynda geçirilýär.