Türkmenistan korrupsiýa garşy halkara hyzmatdaşlygy goldaýar

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.

          Akademiýanyň bu köptaraplaýyn maslahatyna dünýäniň ýurtlarynyň we hyzmatdaş halkara guramalaryň dürli derejedäki wekilleri gatnaşdylar we onuň dowamynda IACA-nyň işi, korrupsiýanyň öňüni almak we bu babatda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler we öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Assambleýanyň 12-nji mejlisiniň başlyklygyna Gonduras Respublikasynyň Hemişelik wekili hanym Elena Maria Freije Murillo saýlanyldy we Akademiýanyň 2024-nji ýyl üçin büjeti tassyklanyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda parahat durmuşa, abadançylykly ösüşe päsgel berýän howplara garşy göreşmekde dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga Türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Durnukly ösüşe wehim salýan bular ýaly päsgelçilikleriň biri hem korrupsiýadyr we bu ýaramaz nogsany düýbinden aradan aýyrmak boýunça ýurt we halkara derejesindäki tejribelere we özara hyzmatdaşlyga wajyp orun berilýär.

Bu babatda Türkmenistanyň birnäçe köptaraplaýyn resminamalara, şol sanda BMG-niň korrupsiýa garşy konwensiýasyna gatnaşyjy-döwlet bolup durýandygy mälimdir. Korrupsiýaň öňüni almak, ony ýok etmek we bu konwensiýanyň kadalarynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek boýunça ýurt derejesinde netijeli tejribeler gazanyldy. Olaryň arasynda 2014-nji ýylyň 1-nji martynda “Korrupsiýa garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň” kabul edilendigini, 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnama” hem-de ony ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklanylandygyny bellese bolýar.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasy korrupsiýa garşy göreş babatynda esasy utgaşdyryjy edara hökmünde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary we halkara guramalar bilen yzygider maslahatlaşmalary geçirýär we özara tejribe alyşýar.

          IACA gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýaň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Ýaroslaw Pitrusiewiç bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar, Akademiýaň täze agzasy hökmünde Türkmenistanyň IACA bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada özara-pikir alyşdylar.