Dünýä jemgyýeti neşe serişdelerine degişli öňde duran wezipeleri maslahatlaşdylar

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-22-nji martynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 67-nji sessiýasynda (67CND) 2500-den gowrak gatnaşyjy neşe serişdeleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu köptaraplaýyn duşuşygyň ýokary derejeli maslahatynda birnäçe halkara guramalaryň we ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri sessiýaň gün tertibinde duran soraglar boýunça çykyş etdiler.

Olaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş Assambleýasynyň, INCB-iň, 67CND-iň başlyklary, UNODC-iň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary, şeýle hem 100-e golaý ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri bar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda ýurdumyzda neşe serişdeleriň bikanun dolanşygyna garşy alnyp barylýan netijeli işler, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmekde ýurdumyzyň oňyn tejribesi barada belledi we gyzyklanma bildirilýän ugurlarda öňde duran wezipeleriň mundan beýläk hem işjeň alnyp baryljakdygyny nygtady.

Ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde degişli Jarnama kabul edildi. Bu resminamada neşe serişdelerine degişli ählumumy wehimlere garşy göreşmek boýunça bilelikdäki wezipeleri ýerine ýetirmegi ilerletmek babatynda milli, sebit we halkara derejelerinde sazlaşykly hereketleri berkitmek hakyndaky Ministrleriň 2019-njy ýyldaky Jarnamasynda beýan edilen maksatlaryň orta möhletde ýerine ýetirilişine baha berilýär. Şeýle hem neşe serişdeleri bilen bagly ähli halkara wezipeleriň 2024-2029-njy ýyllarda durmuşa geçirilişini kämilleşdirmek we ilerletmek hem-de 2029-njy ýylda olara syn bermek barada bellenilip geçilýär.

 Mundan başga-da Komissiýaň işiniň dowamynda dört sany rezolýusiýa kabul edildi, 23 sany neşe/beýhuş ediji serişdeler-olaryň düzümleri halkara gözegçiligine degişli sanawlara girizildi, degişli hasabatlara seredildi we birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi.

Neşe serişdeleri boýunça komissiýaň 67-nji sessiýasyna BMG-niň 140-dan gowurak agza ýurtlarynyň, 18 hökümetara guramalaryň, 141 hökümete degişli däl guramalaryň, 9 sany BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň we ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşandyklary bellenilýär.

https://www.unodc.org/unodc/frontpage/2024/March/twenty-three-new-substances-precursors-placed-under-international-control-four-resolutions-passed-at-67th-session-of-the-commission-on-narcotic-drugs.html

https://undocs.org/Home/Mobile?FinalSymbol=E%2FCN.7%2F2024%2FL.6&Language=E&DeviceType=Desktop&LangRequested=False