Halkara Atom Energiýasy Agentligi bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşýär
Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet IAEA guramasy tarapyndan gurnalan “Fiziki ýadro howpsuzlyk: gelejegiň wezipeleri” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.
Bu köptaraplaýyn duşuşygyň dowamynda dünýä milletleri ýadro materiallaryň fiziki goraglylygy bilen bagly gazanylan tejribeleri, ýüze çykýan soraglary, öňde duran wezipeleri we halkara maslahatyň gün tertibine girizilen beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistan bilen Agentligiň arasynda ýola goýulan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hakynda, gyzyklanma bildirilýän we möhüm hasaplanylýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi barada belläp geçdi. Şol sanda kadalaşdyryjy we utgaşdyryş işi kämilleşdirmek, milli mümkinçilikleri we milli hyzmatdaşlary artdyrmak ýaly ileri tutulýan wezipelere üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde “Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa” hem-de “Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa” ýurdumyzyň geçen ýyl goşulandygy nygtaldy.
Agzalan köptaraplaýyn duşuşyk her dört ýyldan bir gezek geçirlýär we onuň nobatdaky dördünji duşuşygy 2024-nji ýylyň 20-24-nji maýynda IAEA-iň Baş binasynda geçirildi we onuň işine 130-dan gowurak agza-ýurtlardan hem-de degişli köptaraplaýyn guramalardan 2000 golaý dürli derejedäki wekiller gatnaşdylar.