Halkara Atom Energiýasy Agentligiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Duşuşygyň dowamynda taraplar radioterapiýa hyzmatlaryny kämilleşdirmek, radioaktiw galyndylaryň howpsuz dolandyrylmagyny üpjün etmek, milli kanunçylygy we utgaşdyryş işi berkitmek ýaly ugurlarda tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi we olaryň çäklerinde göz öňünde tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar işjeň alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler we öňde duran maksatlar barada özara pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň we Agentligiň Baş direktorynyň orunbasarynyň-Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasyndaky bu duşuşyk 2024-nji ýylyň 20-24-nji maýynda gurnalan “Fiziki ýadro howpsuzlyk: gelejegiň wezipeleri” atly halkara maslahatyň çäklerinde Wena şäherinde geçirildi.