TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy.

Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi hem-de 2013-nji ýylda Adam hukuklary baradaky geňeşinde geçen Türkmenistanyň Köpugurly Döwürleýin Syny bilen bagly gepleşikleriň dowamynda aňladylan birnäçe soraglary çözmekde öňe gitmäge täsirli mümkinçilik beren öňdebaryjy özgerişler barada habar berdi.  

Öz gezeginde, 74 döwlet hasabat döwründe ýurtdaky özgerişikler barada kanagatlanarly beýannamalar bilen çykyş etdiler we Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary we azatlyklary giňeldilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2016-njy ýylda täze rejelenen görnüşiniň kabul edilendigi aýratyn belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, gatnaşyjy döwletler Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen Türkmenistanda Gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň 2015-2020 ýyllarda döwür üçin Milli Maksatnamasynyň, Türkmenistanda adam hukuklary ugrunda hereketleriň 2016-2020 ýyllarda döwür üçin Milli Maksatnamasynyň, şeýle hem  Türkmenistanyň adam söwdasy bilen göreşmegiň hereketleriniň 2016-2018 ýyllarda döwür üçin Milli Maksatnamasynyň geljekde durmuşa geçirilişini goldadylar. Mundan başga-da, Köpugurly Döwürleýin Syna gatnaşyjy döwletler milli adam hukuklaryny goraýjy edara hökmünde 2017-nji ýylda döredilen Ombudsmenyň institutyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hereketlerini goldadylar.     

Beýleki maslahatlaryň hatarynda türkmen tarapy adam hukuklary boýunça BMG-niň Ýokary komissarynyň edarasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmekde Köpugurly Döwürleýin Syna gatnaşyjy döwletleriň tekliplerini goldap çykyş etdi.  

Türkmen wekiliýetiniň Ženewa şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminiň direktory M.Möller bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň tejribesini öwrenmek üçin BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminde brifing geçirmeklik teklip edildi.