Türkmenistan UNODC bilen hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan resmi wekiliýeti 2024-nji ýylyń 14-18-nji oktýabrynda BMG-niń transmilli guramaçylykly jenaýata garşy konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryń Konferensiýasynyń (UNTOC COP) 12-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Agzalan köptaraplaýyn mejlisiň dowamynda Türkmen wekiliýeti Konwensiýanyň ähmiýeti we onuň çäklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada belledi. Şeýle hem bu resminamanyň maksatlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde UNODC-iň wajyp ornunyň bardygy nygtaly.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň UNTOC konwensiýa 2005-nji ýyldan bäri gatnaşyjy ýurt bolup durýandygy we bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça UNODC bilen mundan beýläk hem işjeň hyzmatdaşlyk alyp baryljakdygy beýan edildi.

UNTOC COP her iki ýyldan bir gezek gurnalýar we onuň BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän baş edara binasynda geçirilen 12-nji sessiýasyna 128-den gowurak döwletiń dürli derejedäki wekilleri gatnaşdylar.