Bratislawa şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Ilçisi Hemra Amannazarow Bratislawa şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Slowakiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Slowakiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri seljerildi. Duşuşykda taraplar syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de medeni alyş-çalyşlary berkitmegiň möhüm ugurlar bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, ýurtlaryň hödürleýän kandidaturalaryny birek-biregiň goldamagy ýaly meseleler hem duşuşygyň gün tertibinde orun aldy.
Şeýle hem, Slowakiýanyň Ykdysady ministriniň orunbasary Vladimir Simonak bilen geçirilen duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berdiler. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekilmegi bu ugurda möhüm ädim bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-slowak hökümetara toparyny döretmek hem-de onuň birinji mejlisini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident köşgünde geçirilen duşuşyklarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýokary derejeli saparlary guramagyň wajypdygy nygtaldy.