Türkmenistanyň Ilçisi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy bilen duşuşdy

photo

Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Hemra Amannazarow, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Joan Pons bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşiklerde parlamentara dialogy pugtalandyrmak, ÝHHG-niň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de türkmen parlamentarileriniň ÝHHG PA-nyň işlerine işjeň we konstruktiw gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda Türkmenistanyň soňky döwürde ÝHHG PA-nyň çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi, şol sanda Stambulda geçirilen Güýzki mejlisi, şeýle hem Wenada geçirilmegi meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Gyşky mejlisine taýýarlyk işleri aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda ýaş parlamentarileriň orny we kanun çykaryjylygyň ýaş nesliniň arasynda giň gerimli gatnaşygyny, tejribe alyşmagy hem-de mümkinçiliklerini artdyrmagy goldamagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Taraplar şeýle hem sebit we ÝHHG giňişligindäki umumy meseleler boýunça pikir alyşyp, olaryň çözgüdinde dialogyň, parlament diplomatiýasynyň we hyzmatdaşlyk esasly çemeleşmeleriň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdi, şol sanda Aşgabat şäherinde sebit parlamentarileriniň gatnaşmagynda çäre geçirmek başlangyjy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG PA-nyň Prezidenti jenap Pere Joan Ponsuň Türkmenistana saparynyň parlamentara hyzmatdaşlygy we sebit dialogyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biljekdigi bellenildi.