TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK SPECA GÜNLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY ÜÇIN ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ IÇLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň Türkmen otagynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Dolandyryş geňeşinde we Ykdysady forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde SPECA-nyň  2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Içleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa özüniň golaýda Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana bolan saparyny salgylanmak bilen, Türkmenistanda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, hususan-da: BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Gaznasynyň döredilmegi baradaky mesele bilen tanyşdyrdy. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary SPECA-nyň çäklerindäki işleriň we çäreleriň geçirilmegi üçin şeýle Gaznanyň döredilmegi baradaky teklibiň Türkmenistanyň Ýolbaşçylary tarapyndan goldanylandygyny belläp geçdi.  

Soňra Söwda meseleleri boýunça sebitleýin geňeşçisi M.Apostolow duşuşyga gatnaşyjylary 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän SPECA-nyň günlerine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyrdy.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bölümleriniň ýolbaşçylary özleriniň çykyşlarynda duşuşyga gatnaşyjylary SPECA-nyň çäklerindäki sebit hem-de kiçisebit derejesinde daşky gurşaw ulgamynda, ulag, tokaý, söwda meseleleri boýunça durmuşa geçirilýän başlangyçlara we taslamalara işjeň gatnaşmaklyga çagyrdy. Çykyş edenleriň ählisi sebitiň ýurtlarynyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy, şeýle hem global maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi maksady bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan öňe sürlen täze başlangyçlaryň goldanylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrdylar.