BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi.

BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Açylyş dabarasyndan soňra umumy mejlis we iki sany plenar mejlisleri geçirildi. Mejlisleriň dowamynda BMG-niň agza-döwletleri saglygy goraýyş ulgamynyň hemmeler üçin elýeterli bolmalydygyny bellediler we ilkinji medisina-sanitariýa kömekleri üçin çykdajylaryň JIÖ-de bir-iki göterim köpeldilmegine ynandyrdylar. Söhbetdeşlikleriň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşy diňlenildi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus we BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň prezidenti Tidjani Muhammad-Bande bu çözgüdi saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen wajyp sepgitleriniň biri diýip bellediler.

BMG-niň Baş sekretary kabul edilen Syýasy Jarnama - saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan iň uly ylalaşyk diýip belledi. Ol hakykat ýüzünde 2030-njy ýyla çenli ählumumy medisina-sanitariýa kömekleri bilen üpjün edilmeginiň “Ýol kartasy” bolup durýar.

Täze Jarnama ýokanç kesellere, şol sanda, AIDS/AIW, inçekesele we gyzzyrma kesellerine garşy göreşmekde üstünliklere ýetmäge ýardam eder. Şeýle-de Jarnamada planetamyzyň ähli ýaşaýjylarynyň reproduktiw saglygy ulgamyndaky hyzmatlary bilen üpjün edilemginiň wajyplygynyň üstünde durlup geçildi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus bu Jarnamanyň kabul edilmegi bilen BMG-niň agza-döwletleri saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatlaryny ählumumy üpjün etmek üçin işleri alyp barmaga borçlandylar. Olar medisina-sanitariýa kömeklerine degişli dört ugur boýunça goşmaça maliýeleşdirilmegine ynandyrdylar.

Raýat jemgyýetiniň wekilleri saglygy goraýyş meselelerine degişli kabul edilen Jarnamanyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin serişdeleri bölüp aýyrjakdyklaryny mälim etdiler.