TBILISI ŞÄHERINDE HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 21-25-nji oktýabry aralygynda Tbilisi şäherinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

         Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa bu ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.

         Wekiliýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky awtoulag gatnawlarynyň möçberi barada pikir alyşdylar. Halkara awtoulag gatnawlary amala aşyrlanda taraplaryň sürüjileri üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur çäreleri görmeklik hem-de wiza we tarif meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň gümrük we salgyt gulluklarynyň iş tejribeleri bilen tanyşdylar.  

Mejlisiň işiniň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, halkara awtoulag gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti iş saparynyň dowamynda 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabry aralygynda geçirilen Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna hem gatnaşdylar.