TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň esasynda Hazarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça resminamalaryň we degişli taslamalaryň yzygiderli işlenilip düzülýändigini, şertnamala-hukuk binýadynyň kemala getirilýändigini we kämilleşdirilýändigini bellemek wajypdyr. Türkmenistanda Hazar deňzi parahatçylygyň, dostlugyň we howpsuzlygyň deňzi hökmünde hasaplanylýar.

Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýändir. Bu mejlisiň başynda myhmanlar türkmen tarapyna gepleşikleriň guramaçylygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazarda hyzmatdaşlyk etmäge, onuň özboluşly biodürliliginiň goralmagyna we aýawly saklanylmagyna aýratyn uly üns berýär.

Mejlisiň dowamynda taraplar bu Teswirnamanyň Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda işlenilip düzülýändigi, Teswirnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagynyň tamamlanmagy bolsa nobatdaky duşuşygyň esasy maksady bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işini 5-nji fewrala çenli dowam eder.