TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGSYZLANMAK WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA SYÝASATY

Türkmenistanyň daşary syýasy ideologiýasynyň özeni ählumumy howpsuzlygyň berk we uzakmöhletleýin ulgamyny döretmekde harby däl, syýasy-diplomatik gurallar bilen hemmetaraplaýyn ýardam bermek bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip taýýarlanylan howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezligi konsepsiýasy, häzirki zaman syýasy ylmyna uly goşant bolmagy bilen, şu günki gün Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde amaly esasy bolup çykyş edýär.

Şu ýerde biziň ýurdumyzyň dünýäniň ählumumy maksatlary, durnuklylygy, durnukly ösüşi ugrunda öz gorlaryny, derejelerini (bitaraplyk), geosyýasy artykmaçlyklaryny halkara bileleşiginiň hyzmatynda goýmaga taýýardygyny bellemek gerek. Bu ýöne bir ýörelge däl - bu konstruktiw çözgütleri gözläp tapmaklyga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryna synanyşmak prosesi hökmünde garap hakykaty oňyn kabul etmek üçin dünýägaraýyş bolup durýar.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen 64-nji sessiýasynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek we ony ýerine ýetirmegiň şertleri barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti ýaragsyzlanmak meselesine aýratyn üns berdi. Bu bolsa ýöne ýerden däl, çünki ählumumy ýaragsyzlanmak prosesi we ýaraglary ýaýratmazlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudy we şeýle bolmagynda hem galýar. Türkmenistanyň özüniň halkara borçlaryna ygrarlydygy milli kanunçylykda, iň esasy hem konstitusiýa derejesinde we beýleki resminamalarda berkidilendir. Türkmenistan köpçülikleýin gyryş ýaraglary bolan, ýadro, himiki, bakteriologiki, täze görnüşleriň we beýlekileriň ulanylyşyny, öndürilişini, saklanylyşyny we üstaşyr geçirilişini ret etdi.   

Ýer togalagynyň dürli sebitlerinde ýaraglaryň uly gorlarynyň bolmagy, ilkinji nobatda bolsa ýadro ýaragy, bökdeýji dälde şübheliligi, gorkyny, agressiýany döredýän öjükdiriji ýagdaýdyr. Türkmenistan halkara syýasatda delil hökmünde harby güýji düýpgöter makullamaýan bitarap döwlet bolmak bilen, halkara jemgyýetçiligini şu meselä ähli jogapkärçilik bilen çemeleşmäge çagyrýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden “Dünýäde ýarag näçe az bolsa, şonça-da dünýäniň ösüşi durnukly we rahat bolar, şonça-da ýurtlaryň we milletleriň arasynda ynam we düşünişmek hem has köp bolar” diýip belledi.  

Şular ýaly ýörelgä düýpli ygrarlylyk, parahatçylygyň egsilmez güýjüne bolan ynam, döwletara, içerki sosial, dinleriň arasyndaky we milletara gapma-garşylyklary çözmekde ýarag ulanmaklygyň oňyn netijelere getirmejekdigine bolan ynam – bu Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ideologiýasynyň ýene-de bir möhüm bölegidir. Ýaragyň gorlaryny göwnejaý ýeterlilik derejesine çenli azaltmaga çagyrmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti bütin dünýäde we sebitde ýüze çykýan düşünişmezlikleri, olaryň taryhyny we kem-kemden ösüşini seljerýär we ikinji jahan urşundan soň dünýäde hiç bir dawa-jenjeliniň ýaragyň kömegi bilen iň soňky jemleýji netijä gelinmedigini görkezýär. Türkmenistanyň diňe bir owgan meselesine däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň çäkleri boýunça beýleki möhüm we esasy meselelerde dünýägaraýşyna şeýle çemeleşme dünýä jemgyýetçiliginde we Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde oňat şert, abraý we jogapkärçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk statusy we onuň aýratynlyklary sebit derejesinde bolup geçýän proseslere, hemişelik hereket edýän halkara mehanizmlerine we özara peýdaly we konsensus çözgütlerini kabul etmäge Milletler Bileleşigine oňat amaly mümkinçilikleri açýar. Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek meselesine çemeleşmek boýunça Türkmenistan bu günki gün sebit, yklym we dünýä boýunça howpsuzlyk üpjün edilmese, hiç bir döwletiň ýekelikde howpsuzlygynyň üpjün edilmejekdigini belledi.

Eýýam 1994-nji ýylda Türkmenistan ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk boýunça Ylalaşyga goşuldy, 1998-nji ýyldan bolsa ýadro ýaragynyň synaglaryny gadagan etmek boýunça Guramanyň Ylalaşygyna agza bolup durýar, şeýle hem himiki ýaraglary öndürmekligi gadagan etmek, ýygnamaklyk we ýok etmeklik boýunça Konwensiýa, bakteriologiki we toksiki ýaraglary öndürmekligi gadagan etmek, ýygnamaklyk we ýok etmeklik boýunça BMG-niň Konwensiýasyna, pyýada goşunyň garşysyna mina ulanmaklygy gadagan etmek, ätiýaçlyk gorlaryny ýygnamaklyk we geçirmeklik we ýok etmeklik boýunça Konwensiýa we ýaragsyzlanmak boýunça beýleki uly halkara resminamalaryna goşuldy.

Ýaragsyzlanmak we ýaraglary ýaýratmazlyk ulgamyny berkitmeklik boýunça sebitde edilen uly ädim Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat çägi döretmek boýunça Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky 2006-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Semipalatinsk şäherinde gol çekilen Ylalaşyk boldy. Bu Aziýa yklymynda ýadro ýaraglaryndan azat uly bir sebitiň döremekligi üçin halkara hukuk esaslaryny döreden hemmeler üçin ýeke-täk resminama boldy. Bu ylalaşyga gatnaşýan Merkezi Aziýanyň döwletleri ýadro ýaragynyň öndürilişini gadagan etmek, satyn almak we onuň böleklerini we beýleki ýadro partlaýjy serişdeleri öz territoriýasynda saklamazlyk boýunça borçlary öz üstüne aldylar. Munuň üsti bilen Ylalaşyga gatnaşyjylar dünýä we sebit howpsuzlygyny üpjün etmeklige, ýadro ýaragyny ýaýratmazlyga, esasan hem ählumumy esasy hereketiň çäklerinde terrorçylyga garşy göreşmeklige we terrorçy düzümleriň eline köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň düşmezligi boýunça bilelikde goşan goşantlary boldy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 72-nji sessiýasynyň dowamynda özüniň hereketlerini bitaraplyk, goşulyşmazlyk ýörelgelerine, dawa-jenjelleri we düşünişmezlikleri parahatçylykly we syýasy ýollar bilen çözmekliklige ygrarlylyk ýörelgesi esasynda amala aşyrar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara bitaraplyk we parahatçylyk güni” hakyndaky rezolýusiýa ýene bir gezek ählumumy parahatçylygy saklamak, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça bitaraplygyň esasy şert bolýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça garaýyşlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda anyk we aýdyň işlenip düzülendir. Türkmenistan halkara bileleşiginiň, aýratyn döwletleriň bütindünýä ýaragsyzlanmak prosesine gönükdirilen konstruktiw tekliplerini kabul edýär we munuň ýerine ýetirilişine gatnaşmak  boýunça döwletiň we sebitiň meselelerine gyzyklanma bilen seredýär.