TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNINE BAGYŞLANAN YLMY-PRAKTIKI MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahaty geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Onda berkarar Watanymyzyň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy barada beýan edildi.

Maslahatyň barşynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili R.Komenda, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Direktory Z.Gajiýew, BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory J.Waleze çykyş etdiler. Soňra Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler maslahatyň gün tertibi 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi bilen ýakyndan baglanyşykly bolmagynyň ýerliklidigini aýdyp, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» türkmen halkynyň ata-babalardan miras galan gymmatlygy bolan birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýol-ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Soňra Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edilip,  ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň meselelerine berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetadarlyk bildirildi.

Maslahatyň soňunda ýaş diplomatlara we Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.