HALKARA MASLAHATYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI AÝRATYN BELLENILDI

Forumyň temasyny ösdürmek bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin dagylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändigini we bitaraplyk, parahat söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ýörelgeleriň onuň daşary syýasatynyň hemişe özenini bolup durandygyny hem-de şeýle bolmagynda hem galýandygyny aýratyn nygtadylar.

Öz çykyşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Türkmenistanyň parahatçylygy goramagyň gün tertibini öňe sürmäge, dawalaryň we gapma-garşylyklaryň öňüni almakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, hopwpalry we wehimleri kadalaşdyrmakda, parahatçylyk üçin berk binýady dikeltmekde, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmeklige aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Hopwsuzlyk Geňeşi, Sebit merkeziniň işiniň netijelerini bahalandyrmak bilen, öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, bu ugurdaky Merkezi Aziýadaky alnyp barylýan işleri gollady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda Türkmenistan Sebit merkeziniň ornuny berkitmeklige bagyşlanan rezolýusiýany kabul etmek teklibi bilen çykyş edýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd Türkmenistanyň halkara guramlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlaryndaky köpýyllyk, netijeli hyzmatdaşlygyny bellemegiň zerurdygyny nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin öz çykyşynda gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem hemişelik bitaraplyk derejesiniň sebit we halkara derejesinde parahatçylygy üpjün etmekde, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny we häzirki zaman hakykatlaryny we ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy göz öňünde tutup ösüş üçin uly mümkinçilikleri gökezýändigi bellenildi.Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara meselelerini çözmekde ýakyn ýa-da birmeňzeş çemeleşmeleri bardyr. Bar bolan ýokary derejedäki syýasy gepleşikler ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygyň özenini düzýär.

«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy,howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu Forumyň halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmeklige itergi berýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň üstünliginiň görkezijisi bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek maksadyna ýetmek üçin, parahatçylygy berkitmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalary birleşdirmeklige çagyrdy.