DÖM BOÝUNÇA YLMY-USULYÝET MERKEZI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMALARYNY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATYNY GURNADY

DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýakynda açylan Durnukly ösüş maksatnamalary (DÖM) boýunça Ylmy-usulyýet merkezinde gurnalan birinji okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň demokratik, agrar, senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Merkeziň mugallymlarynyň arasynda BMG-nyň, BMG ÖM-nyň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem ministrlikleriniň, hukuk institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynyň hünärmenleri bar.

 Bir hepdelik seminarda Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça umumy we amaly sapaklar, tematiki interaktiw tanyşdyrylyşlar geçiriler. Şeýle hem halkara tejribe alyşynyň we 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň ählumumy gün tertibini ýerine ýetirmegine gatnaşmagynyň ugurlaryna garalar.

Merkeziň birinji okuw tapgyrynda wajyp mowzuklaryň 18-si bar. Şol sanda: ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy: gender deňliginiň ugurlary boýunça dünýä tejribesi we milli işler; alternatiw energetika babatda Türkmenistanyň tejribesi we beýleki möhüm innowasiýalar; şäherleriň we ilatly ýerleriň durnukly ösüşi; howanyň ählumumy üýtgemegi; deňiz ekologiýa ulgamynyň saklanylyp galmagy; arassa agyz suwy we sanitariýanyň wezipeleri; sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek; hukuk meseleleri ýaly mowzuklar bar.

 DÖM boýunça Merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň ählumumy gün tertibini ýerine ýetirmegiini üpjün etmek boýunça ylmy-usulyýet işlerini üpjün etmek maksady bilen diplomatiýa ýokary okuw mekdebinde açyldy. Döwlet gullugy akademiýasy, Milli bilim instituty, ýokary okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary, BMG-nyň düzümleri, halkara institutlarynyň birnäçesi Merkeziň hyzmatdaşlarydyr.

DÖM boýunça Ylmy-usulyýet merkeziniň başlangyjy bilen gurnalan birinji okuw maslahaty tamamlanandan soň pikir alşylar we teklipler hödürlenilip, olar diňleýjileriň dürli toparlary üçin indiki okuw-türgenleşiklerini taýýarlamakda göz öňünde tutular.