TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda taraplar türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyga garadylar. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň orny bellenildi. Taraplar iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary goldamagyň, şol sanda hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri guramagyň ähmiýetini nygtadylar.