TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlandy.

Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda agzalan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça gyzyklanmalar nygtaldy.

Indiki ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolýandygyny bellemek bilen, taraplar özara hormat goýmak, dostluk we özara gyzyklanmalara esaslanmak ýörelgelerine eýerýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berdiler.

Gepleşikleriň barşynda halkara we sebit gün tertibiniň esasy ugurlary, şeýle-de halkara maglumatlary we bilogik howpsuzlygy üpjün etmek bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara toparyň türkmen tarapyndan Başlygy hökmünde S.G.Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda gaz, maliýe we maýa goýum hyzmatdaşlygy, saglygy goraýyş ulgamlardaky gatnaşyklary belledi.

Ulag, aragatnaşyk, söwda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly işjeň pikir alşyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerini belläp geçdiler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-nyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.