TÜRKMENISTAN “ÝEWROPA-KAWKAZ-AZIÝA” HALKARA ULAG GEÇELGESINIŇ MÜMKINÇILIKLERINI AÇMAGA GOLDAW BERMEGI MAKSAT EDINÝÄR

Şu gün, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki özara hereketleriň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” geçelgesiniň kanunçylygyny sazlamaga, nyrh syýasatyny kämilleşdirmäge, institusional taýdan berkitmäge we ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary goldaýar.

Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Aziýa-Ýewropa”, “Ýewropa-Ýakyn Gündogar”, hususan-da, “Lapis-Lazuli” we “Hazar deňzi-Gara deňzi” ugurlar boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmek boýunça garaýyşlary beýan etdiler. Sanlylaşdyrmak we logistika ugurlarynda halkara tejribeleri peýdalanmakda türkmen tarapynyň gyzyklanmalary yglan edildi. Türkmen hünärmenleri geçen ýylyň dekabr aýynda Ählumumy üstaşyr resminamany işläp taýýarlamak boýunça Iş toparynyň mejlisine gatnaşdylar.