TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERI DUŞUŞYK GEÇIRDILER

Şu gün, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine resmi saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti bu duşuşygy “taryhy we ähmiýetli waka” hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň arasyndaky özaragatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Türkmen Lideri sebit we halkara meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşligini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategiki hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Liderler köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we işjeň syýasy dialogyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berdiler.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Gepleşikleriň barşynda Döwlet Baştutanlary soňky ýyllarda özara söwdanyň depgininiň ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähli bar bolan çeşmeleri we mükinçilikleri işe girizmeklik barada ylalaşdylar.

Prezidentler ýakyn gepleşikleriň dowam etdirilmegini, şeýle hem halkara giňişliginde, şol sanda, BMG-niň, GDA-nyň, ÝHHG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde başlangyçlary bilelikde öňe sürmegi goldap çykyş etdiler.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagy bütin Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşiniň girewi bolup durýandygy bellenildi.

Suw hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem ýokary baha berildi. Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň üstünlikli  geçirilendigi nygtaldy.

Iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokarlandyrylmagynyň we dostlukly gatnaşyklaryň putalandyrylmagynyň esasy görkezijisi bolup hyzmat edýän medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Mundan başga-da 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.