AŞGABATDA LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda gibrid görnüşinde «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahaty öz işine başlady.   

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 pandemiýasy döwründe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy babatynda toplanylan tejribeleriň ulanylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmagy boýunça halkara maslahatyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Dört sany sessiýadan ybarat bolan bu maslahata dünýäniň 15 ýurdundan saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary wezipeli işgärleri, ylmy intelligensiýasynyň wekilleri hem-de abraýly halkara guramalarynyň, hususan hem BMG-niň we BSGG-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik gullugyň ýolbaşçylary, şol sanda türkmen we daşary ýurtly žurnalistler hem bu maslahata işjeň gatnaşdylar.  

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Gutlagy okaldy.

Döwlet Baştutanynyň gutlagynda häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bu gün netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bu ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçilýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan bu duşuşygyň öz wagtyndalygyny nygtamak bilen, şu platformanyň özara hereketleriň ýetilen derejesine baha bermäge, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamyndaky, hususan-da häzirki pandemiýa garşy göreşmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meseleler boýunça pikirleri alyşmaga mümkinçilik berýändigi nygtap geçdi.

Alnyp barylýan barlyşyksyz göreşde köptaraplaýynlygyň ýeterlik däldigi hem-de hiç bir ýurduň üzňe bolman, eýsem biziň ählimiziň özara baglanşykly bolmagymyz, halkara bileleşiginiň häzirki pandemiýadan çykaran dersi bolup durýar, diýip doktor Hans Klýuge sözüniň üstüni ýetirdi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşan bilermenler pandemiýa ähtimallygy bolan ýokanç kesellerine garşy göreşmekde lukmançylyk diplomatiýasynyň ähmiýeti, COVID-19 ýokanjynyň ýaýran döwründe döwletleriň arasynda tejribeleri alyşmagyň derwaýyslygy boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işjeň pikirler alyşyldy.