img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

photo

Şu gün, 12-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna gitdi.

Saparyň çäklerinde Döwlet Baştutany Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) nobatdaky Sammitiniň işine gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna sapary geljekde giň köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryň, deňhukukly we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň, şeýle-de döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.