TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar.

Taraplar şeýle-de YHG-nyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Sammitiniň barşynda iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.