BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndaky ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek bilen bagly beýleki meselelere hem seredilip geçildi. 

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň özara baglanyşygy barada aýdylanda, taraplar Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde geljekde hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bildirdiler. Durnukly ulag ulgamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň ornuny nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly multimodal ustaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnuşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn ylalaşykly hereketi üpjün etmäge tarap” atly kararnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde bilelikdäki tagallalaryň gerekdigi bellenilip geçildi.