RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Awg

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 28-nji awgustda Daşary ýurtlaryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana ýokarda beýan edilenler babatynda onda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny habar berýär.

DOWAMY
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.       Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon özara hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Ber...

DOWAMY
26 Awg

PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 25-26-njн awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. 26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan...

DOWAMY
26 Awg

TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.  Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...

DOWAMY
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ IKITARAPLAÝYN DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 16-njy iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidentine ýollan salamyny we çuňňur hormatyny beýan etdi. Häzirki döwrüň derw...

DOWAMY
16 Iýul

TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA: SEBITLEÝIN ÖZARABAGLANYŞYK. HOWPLAR WE MÜMKINÇILIKLER” ATLY HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy. Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda döwlet we hökümet baştutanlary, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit gurama...

DOWAMY
15 Iýul

DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 15-nji iýulda Daşkentde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad gatnaşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunu...

DOWAMY