RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine iş sapary başlandy. Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşar. Şu gün, 15-nji iýulda Turkmenistanyň Daşary işler mini...

DOWAMY
14 Iýul

GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MINISTRLER MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI

2021-nji ýylyň 13-14-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Agzalan wekilçilikli maslahat Goşulyşmazlyk Hereketiniň umumy maksatlaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýän dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Mejlisiň açylyşynda gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Prez...

DOWAMY
14 Iýul

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOYUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRILMEGI UGRUNDA AMALY ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY BOÝUNÇA ONLAÝN SYN-BERIŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda Amaly çäreleriň Meýilnamasy boýunça («Ýol kartasy») syn beriş duşuşygy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň  Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekili Aşita Mittal, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirli...

DOWAMY
13 Iýul

TÜRKMENISTAN WE HHR STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonuň ýaly-da ikitaraplaýyn gün tertibine hem-de sebit we halkara...

DOWAMY
12 Iýul

HYTAÝYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AŞGABADA RESMI SAPARY

2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...

DOWAMY
11 Iýul

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň...

DOWAMY
8 Iýul

TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY IŞJEŇ ÖSDÜRÝÄR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy. Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny...

DOWAMY