RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçi...

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi....

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI KOREÝA RESPUBLIKASYNDA SAPARDA BOLÝAR

2023-nji ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Inçon halkara howa menzilinde D.Gulmanowa “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ö...

DOWAMY
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORKA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsan...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ HORMAT NYŞANY BILEN SYLAGLANDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistanda boldy. Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp mas...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew gatnaşdyla...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem...

DOWAMY