RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Mar

ТÜRKMENISTAN – IRENA: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ALNYP BARYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ähmiýetili mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen tarapy Agentlik tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýalaryna yzygiderli...

DOWAMY
20 Mar

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türk medeniýetiniň we mirasynyň Halkara Gaznasynyň...

DOWAMY
20 Mar

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...

DOWAMY
18 Mar

ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniň başlygy B.Amanowyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki...

DOWAMY
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralary...

DOWAMY
18 Mar

OWGANYSTANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI TÄZE BAŞ KONSULYNA EKZEKWATURA GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly Nuriddin Rahmani bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda Owganystanyň Baş konsuly özüniň konsullyk patentini gowşurdy we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy berildi. Taraplar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem-de ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Ik...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA «BINAGÄRLIK SUNGATYNYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar. Göni hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, Gurluşyk we binagärlik min...

DOWAMY