TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasa...
Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Rožanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur b...
Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryny...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşygy hakynda
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşygy geçirildi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky...
Owganystanyň gatnaşmagyndaky ykdysady taslamalar amaly häsiýete eýe bolýar
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura ugurlaryndaky halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe dabaralar geçirildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat...
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitg...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasy kabul edildi
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy bilen gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we olimpiýa asylly ýörelgeleri arkaly parahatçylygy berkitmek we has bagtyýar durmuşy gurmak» atly 11-nji bendiniň esasynda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasyna seredildi we kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik w...