RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Sen

Arkadag akylly şäheriniň özboluşlylygy Koreýa Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sergisinde baýraklar bilen bellenildi

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sany baýrak bilen sylaglandy. Dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe boldular. Arkadag akylly şäheriniň çärede ilkinji sylaglanan gatnaşyjy bolandygy bellärliklidir. Türkmen tarapyna aşakdaky baýraklar: Diňe Arkadag şäherine gowşurylan «akylly şäher» ulgamyndaky belen...

DOWAMY
pic
4 Sen

BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda demokratik institutlary mundan beýläk hem kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerin...

DOWAMY
pic
16 Awg

Türkmenistan – BMG: parahatçylygyň we döredijiligiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam edýär. Parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişliginde hemişe konstruktiw hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasyny...

DOWAMY
pic
9 Awg

Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi. Dabaraly çäreler başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda ýur...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Iri halkara guramany...

DOWAMY
pic
29 Iýul

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girm...

DOWAMY
pic
27 Iýun

Press-reliz

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Bankynyň Müdirler Geňeşiniň Başlygy Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasy tarapyndan gurnalan üçünji ýyllyk Ösüş Forumyna gatnaşdy. Forumyň çäklerinde, 400-den gowrak delegatyň gatnaşmagynda, Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasynyň Prezidenti jenap Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň we OPEC Gaznasynyň arasyndaky köp ýyll...

DOWAMY