TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝHHG-NYŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygynyň açylyşy boldy. Duşuşyga ÝHHG-nyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Merkezi Aziýadaky meýilnamalaýyn edaralarynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri, ÝHHG boýunça utgaşdyryjylar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky wekilýetleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň degişli edarala...
KHBS ÜÇIN HABAR
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar. Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler. Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Fransuz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi mähirli g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASAT UGRUNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugruna bagyşlanan brifing geçirildi, oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler, olar birfinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, dü...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELÝÄR
2019-njy ýylyň 16-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler.
TÜRKMENISTANYŇ FRANSUZ RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şöhrat Jumaýew Fransuz Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Pariž şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebit...