img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

PRESS-RELIZ

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SAMARKANTDA HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly...

DOWAMY
pic
10 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Wengriýanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Wengriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi, halkara guramalarynyň, ylaýta-da BMG, ÝHHG we ÝB ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli halkara guramalaryň çarçuwasynda birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny kanagatlama bilen bellediler. Ikita...

DOWAMY
pic
9 Noý

DÖM BOÝUNÇA YLMY-USULYÝET MERKEZI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMALARYNY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATYNY GURNADY

DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýakynda açylan Durnukly ösüş maksatnamalary (DÖM) boýunça Ylmy-usulyýet merkezinde gurnalan birinji okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň demokratik, agrar, senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Merkeziň mugallymlarynyň arasynda BMG-nyň, BMG ÖM-nyň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem ministrlikleriniň, hukuk institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynyň hünärmenleri bar.  Bir hepd...

DOWAMY
pic
9 Noý

AWSTRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň “Society” atly guramasy bilen bilelikde gurnaldy.  Tanyşdyrylyş dabarasyna Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülileýin habar beriş serişdeleri...

DOWAMY
pic
9 Noý

MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝADA SEBITLEÝIN ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA MAKSATLAÝYN TOPARYŇ (RECA) MASLAHATY

2017-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, US...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEMINARY OFŞOR ZOLAKLARYNYŇ ÜSTI BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNYLAŞDYRMAGYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERINI ŞÖHLELENDIRDI

Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik  edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýal...

DOWAMY