SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...
SÖWDA-ULAG INFRASTRUKTURASYNYŇ HOWUPSYZLYGY– TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ ÜNS MERKEZINDE
2017-nji ýylyň 10-njy we 11-nji oktýabrynda geçen ÝHHG-i tarapyndan gurnalan milli ulag-söwda infrastrukturasynyň howupsyzlygyny ösdürmäge ýardam bermek boýunça okuw sapaklaryna ulag logistika meseleleri bilen meşgullanýan ministrlikleriniň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-ň Aşgabatdaky Merkezi gatnaşyjy...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...
TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARLYGYNYŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 68-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...
AŞGABAT ŞÄHERINDE AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETIŇ 70-NJI MEJLISI WE BAŞ ASSAMBLEÝANYŇ 36-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Azi...
BOSGUNLAR TOPARY AŞGABAT 2017-Ä MINNETDARLYK BILDIRÝÄRLER
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan bosgunlar toparynyň agzalary dünýä derejesinde geçiriljek geljekki ýaryşlarda hem bosgunlara gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegine uly umyt bildirýärler. Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagylar Keniýanyň Naýrobi şäherinde Tegla Lorupeniň esaslandyran Parahatçylyk gaznasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň Aşgabat 2017-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar....
YAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA 5 AZIÝA OÝUNLARY DABARALY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezienti Gurbanguly Brdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Edaranyň bi...