RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Sen

ŞANLY SENE MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti gurnaldy. Soňra paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.  Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, dronlaryň görkezme çykyşy, baýramçylyk feýerwerkleriniň atylmagy bilen tamamlandy.

DOWAMY
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER

2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär.  Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik weki...

DOWAMY
26 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen paýtagtynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmen halkyny şanly sene mynasybetli gutlady we iň ýakymly arzuwlaryny...

DOWAMY
26 Sen

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI

Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.  Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşar.

DOWAMY
26 Sen

AŞGABATDA SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramçylygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşygy geçirildi. Myhman, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlamak bilen, Döwlet Baştutanyna hem...

DOWAMY
25 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...

DOWAMY
24 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP DAŞARY ÝURTLARDA ÇAP EDILEN ÝÖRITE NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnallaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de döwletimiziň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän ýörite sanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän Türkmenitsanyň Ilçileri we konsullary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary...

DOWAMY