Tapylan netije sany: 2712
“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY” KÖPÇÜLIKLEÝIN SPORT ÝARYŞLARYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi.
Ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga aldy. Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýaşlar we d...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SEBITLEÝIN IŞ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen ha...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.
Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady.
Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat n...
ÝHHG-NIŇ BILERMENLERI TÜRKMENISTANYŇ HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄSINDE WEHIMLERE WE HOWPLARA GARŞY GÖREŞDE NETIJELI TEJRIBESINI BELLEDILER
2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçylyga garş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentini...
HALKARA SYNÇYLARY: SAÝLAWLAR ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.
Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw t...
ABU-DABIDE ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-EMIRLIKLER GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ir bilen milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Awtoulagyň ý...
«LAZURIT» HALKARA ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, ýa...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/12749TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR
Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edarala...