Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýan Bori bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar diplomatik we pa...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ GENDER DEŇLIGINE BAGYŞLANAN MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi.
Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi. H...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy.
Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...
BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY 2030-NJY ÝYLA ÇENLI DÖWÜR ÜÇIN GÜN TERTIBINI MALIÝELEŞDIRMEK BOÝUNÇA ILKINJI ÇÄRÄNI GEÇIRÝÄRLER
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirilmegine mümkinçilikleri artdyrmak we maliýe çeşmelerini durmuşa geçirmek we dolandyrmak boýunça milli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň üstünde işleýärler.
Bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda BMG-niň ÖM we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady i...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SUW MESELELERI BOÝUNÇA SEBIT DÜZÜMINIŇ DÖREDILMEGINIŇ BAŞYNY BAŞLAÝAR
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Bir ýarym sagatlyk uçuşdan soňra Prezidentimiziň uçary Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Prezident Gurbanguly Be...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda täze bellenilen direktor saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy dürli keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we BSG-niň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we bu abraýly ha...
AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
AŞGABATDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.
Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylyml...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy.
Ir bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeginde - Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýla...