Tapylan netije sany: 2712
«TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ BARŞYNDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady.
Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasyn...
BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ AŞGABATDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA ÝOLLAN ÝÜZLENMESI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokar...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň mundan 29 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy Kararnamany kabul edendigini, oňa laýyklykda Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr.
“Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...
EKO-DA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTAN MEDENI-YNSANPERWER ULGAMDAKY HYZMATDAŞLYGA AÝRATYN ÜNS BERER
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ugrunda ýurduň öňde goýan maksatlaryny beýan etdi.
Prezident: “Türkmenistan YHG-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: YHG-DA BAŞLYKLYK ETMEGI JOGAPKÄRLI WE BELENT WEZIPE HÖKMÜNDE KABUL EDÝÄRIS HEM-DE ONUŇ ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILMEGI UGRUNDA ÄHLI TAGALLALARY EDERIS
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz geografiki, taryhy, umumy däp-dessur we gymmatlyklar taýdan arabaglanyşygy bolan YHG gatnaşyjy döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň özenini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulag...
YHG-NA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN YKDYSADY UGURLARYŇ DÖREDILMEGI UGRUNDAKY HEREKETLERI IŞJEŇLEŞDIRMÄGE MEÝILLIDIR
2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-niň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de onuň geljekde has hem ösdürilmegi babatyndaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.
Ol geljekde şu guramanyň ýurtlarynyň a...
YHG-NIŇ GIŇIŞLIGINDE HEM-DE ONUŇ ÇÄKLERINDEN DAŞARDA YKDYSADY ÖSÜŞ BABATYNDA ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNYŇ ÄHMIÝETI AÝRATYN BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitine gatnaşyjylaryň ünsüni ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygyna çekdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Biz YHG-niň giňişligini Ýewraziýa kontinentinde amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde görýäris» - diýip nygtady.
Türkmenistanyň bu ugurda üstünlikli işleýändi bellenilip geçildi. Döwlet baştutany Kerki (Türkmenistan) – Şiberg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NIŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ DERWAÝYSLYGYNY NYGTADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitinde eden çykyşynda energetika meselelerine hem aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutany: «YHG-niň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmekligi, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermekligi hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris» - diýip nygtady. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurý...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi.
6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...