Tapylan netije sany: 2712
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNA BAŞLYKLYK EDIJILERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rus toparynyň iş duşuşygy geçirildi.
Onuň barşynda iki döwletiň arasynda ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk öz çykyşynda Hökümetara toparyň döwletara hyzmatdaşlygyň t...
TURKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYK KADALAŞDYRYŞ PROSESINIŇ HAS HEM ILERLEDILMEGI ÜÇIN YGTYBARLY YKDYSADY ESASYŇ DÖREDILMEGINIŇ ZERURLYGYNY TASSYKLAÝAR
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Duşanbede göni we sanly ulgam arkaly «Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi» Dokuzynjy maslahatyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.
Mejlise Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hem-de goldaýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şol sanda mejlise halkara guramalarynyň hem wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler minist...
TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...
MOSKWADA SEBITLEÝIN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN PUDAGARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulý...
ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA HALKARA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wideoaragatnaşyk ulgamy “Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi” geçirildi.
Bu bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hususy edaralaryndan ýaş hukukçylary gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary, halkara ekologiýa hukugynyň...
TÜRKMENISTANDA «MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI» ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda göni we sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forumy öz işine başlady.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylylgyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýylylgyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu çäre dünýäniň 18 ýurdundan 80-ne golaý ýokary wezip...
HALKARA FORUMYŇ “ORTA ASYRLAR DÖWRÜNIŇ MEDENIÝETINIŇ, YLMYNYŇ, EDEBIÝATYNYŇ HEM-DE SUNGATYNYŇ ADAMZADYŇ RUHY-MEDENI ÖSÜŞINE ÝETIREN TÄSIRI” ATLY BIRINJI BÖLÜMI
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri” atly bölümiň mejlisi geçirildi.
Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary we dilçi alymlary, Türkmenistanyň we daşary ý...
IKINJI BÖLÜM TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATYNYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNDAKY ORNY BARADAKY BILIMI ARTDYRDY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny” atly ikinji bölümiň mejlisi geçirildi.
Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary...
“MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMENIŇ EDEBI MIRASY WE MILLI TERBIÝÄNIŇ KÖKLERI”
Tükmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri” temasy boýunça üçünji plenar mejlis geçirildi.
M...
HALKARA FORUMYŇ DÖRDÜNJI SESSIÝASY “TÜRKMEN WE HINDI HALKLARYNYŇ MEDENI-TARYHY GATNAŞYKLARY: ÇUŇŇUR KÖKLER WE HÄZIRKI ZAMAN MÜMKINÇILIKLERI”
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dördünji sessiýasy “Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” tema boýunça “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde plenar mejlisi geçirildi.
Mejlise dünýäniň we sebitiň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Hindistanyň, Angliýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystany...