Tapylan netije sany: 2712
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmeginiň ähli agza döwletler tarapyndan goldanylandygy barada habar berýär.
“Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde baş...
AŞGABATDA LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda gibrid görnüşinde «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahaty öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 pandemiýasy döwründe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy babatynda toplanylan tejribeleriň ulanylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmagy boýunça halkara maslahatyny geçirmek başlang...
LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATY IKINJI MEJLISDE ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
“Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işini COVID-19 pandemiýasy döwründe gazanylan tejribäni ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ikinji sessiýasynda dowam etdi.
“Pandemiýany ýüze çykaryp biljek ýokanç kesellere garşy göreşde lukmançylyk diplomatiýasy” atly temada geçen ikinji sessiýasynda alyp baryjy hökmünde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ý.Za...
LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA LUKMANÇYLYK DIPLOMATIÝASYNY ÖSDÜRMEGIŇ DERWAÝYSLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
?Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar.
Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýryl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “EKSPO-2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR
Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...
DÖWLET BAŞTUTANY «EKSPO-2020» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNÜNIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi.
Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar.
Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart...
HALKARA SÖWDA MERKEZI TÄJIRÇILIK DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW MASLAHATY GURNADY
2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda “Ready4Trade Merkezi Aziýa” atly taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkeziniň gurnamagynda, täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen bagly gepleşikleri alyp barmak boýunça üç günlük okuw maslahaty başlandy.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
“Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy serhetara talaplaryny...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi...