Tapylan netije sany: 2712
AŞGABATDA “HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI ŞERTLERINDE AZYK HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK” ATLY FORUM GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümetiniň hem BMG-niň Azyk howpsuzlygy we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldamagynda guraldy.
Maslahatyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Türkiýäniň, BMG-niň wekilleri, halkara gu...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar azyk we daşky gurşaw howpsuzlygy, daşky gurşawy tygşytly dolandyrmak, şeýle hem sanly ýer kadastrlary babatynda bilelikdäki işl...
Türkmenistan BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýañ işine işjeñ gatnaşýar
Şu gün BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 66-njy mejlisiniň işine badalga berildi.
Mejlisiň dowamynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşde ýüze çykýan meseleler we olaryň öňüni almak bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu köptaraplaýyn duşuşygyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Içeri Işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda bu howpa garşy gazanylan oňyn tejribe, alnyp barylýan öňüni alyş işler we ileri tutulýan hyzmatd...
CARICC guramasy bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 14-nji martynda CARICC bilen Merkezi Aziýa döwletleri BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 66-njy mejlisiniň çäklerinde ugurdaş çäre geçirdiler. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda CARICC-iň çäklerindäki başlangyçlar, ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/111865TÜRKMENISTAN BILEN KENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişe...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNYŇ JEMLEÝJI JARNAMASY ÇAP EDILDI
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygynda kabul edilen Jarnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty sany resmi dilinde (A/77/778 - aşakdaky resminama serediň) sessiýanyň gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji bendinde çap edildi.
Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler duşuşygy 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE UNFPA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurla...
BILDIRIŞ
2023-nji ýylyň 26-njy marty Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň Saýlawlar günüdir! Saýlawlar güni ses bermek Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň (Wena ş.) ýanynda döredilen 1-nji Saýlaw uçastogynda sagat 07:00-dan 19:00-a çenli geçirilýär.Her birimiz saýlaw hukugymyzdan peýdalanyp, mynasyp dalaşgäre sesimizi bereliň!
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/112175Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi
Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi.
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Wena şäherindäki Park Hyatt myhmanhanasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ilçihanalary we “Society” žurnalynyň redaksiýasy bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp medeni çäre guramaçylykly geçirildi.
Bu çäräniň çäklerinde aýdym-sazly k...
BMG-niň Wenadaky edarasynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara ýylynda özara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär
2023-nji ýylyň 13-17-nji martynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 66-njy mejlisiniň çäklerinde “Işjeň dialog - Neşe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak” atly ugurdaş çäre geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara ýylyň barşynda gurnalan bu ugurdaş çärä UNODC, CARICC guramalarynyň, Merkezi Aziýa we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň wekilleri işjeň gat...