Tapylan netije sany: 2712
AŞGABATDA STAMBUL PROSESINIŇ YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA TEHNIKI TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň “Sebit infrastrukturalary” Ynamy berkitmek çäreleriniň çäginde oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, şeýle hem sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň wekil...
TÜRKMENISTANYŇ SUW, ULAG WE ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY UGAMLARYNDA GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen KHBS-niň wekilleriniň hem-de Ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BERLINDÄKI «ITB BERLIN 2019» HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞMAGY
2019-njy 6-njy martynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «ITB Berlin 2019» atly 53-nji halkara syýahatçylyk sergisi öz işine başlady. Sergä Türkmeniatanyň syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň we ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti gatnaşýar.
«ITB Berlin» sergisiniň gurnaýjysy bolup Germaniýanyň «Deutsche Messe АG» syýahatçylyk-söwda kompaniýasy çykyş edýär we ol sergi 1966-njy ýyldan bäri Berlinde her ýyl geçirilýän syýahatçylygyň dünýä sergisidir. «ITB Berl...
MANGEÝM ŞÄHERINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI BÜRÜNÇ EÝÝAMYNYŇ ŞALYGY» SERGISINIŇ AÇYLMAGY
2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. ...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ PEKINIŇ HALKARA IŞEWÜRLIGI WE YKDYSADYÝET UNIWERSITETINDÄKI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 3-9-njy marty aralygynda düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instutynyň prorektorlary bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Gazna biržasynyň, Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň, şeýle hem Pekin şäherindäki brokerlik hyzmatlary boýunça konsalting kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşuklary geçirdiler.
Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we türk...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş ma...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KANADANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Kanadanyň Ilçisi Kristofer Kuter bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Demirgazyk Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada belledi. Şu nukdaýnazardan alanyňda taraplar, ilkinji ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bara...
ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Filipp Ştalder bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi, gyzgyn kabul edileni üçin minnetdarlygyny bildirip, iki ýurduň global ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda işjeň özara gatnaşyklary belledi. Şeýle hem, j-p Ilçi hemişeki ünsüne hem-de diplomatik i...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG-HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Preziden...
TÜRKMENISTANDA ISPANIÝANYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm...