Tapylan netije sany: 2712
BAKUDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingiň barşynda türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça başlangyçlary, şeýl...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN EKOLOGIK MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky meseleleriň g...
AŞGABATDA BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärele...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KATAR DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň gat...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGY MYNASYBETLI PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy.
Türkmenistanyň bu edaralaryň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýädäki a...
TÜRKMENISTANYŇ EKOSOS-YŇ ÜÇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-n...
Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Pekinde futbol boýunça diplomatlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy
Pekiniň Sprot institutynyň sport toplumynda futbol boýunça diplomatlaryň arasynda 23-nji ýaryş geçirildi. HHR-yň bedenterbiýe we sport işleri baradaky Baş döwlet müdirliginiň gurnan ýaryşyna jemi 18 topar -- Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň, GAR-yň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Polşanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Çehiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň, BMG-nyň we ŞHG-nyň toparlary ga...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/34836«Hazar» talyplar topary Krasnodarda geçirilen futbol ýaryşyna gatnaşdy
Kuban döwlet uniwersitetiniň (Krasnodar, RF) sport toplumynda Russiýanyň we daşary ýurtlaryň birnäçesiniň talyplar ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça V ýaryş geçirildi.Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň ýardam bermeginde döredilen “Hazar” topary ýurdumyza wekilçilik etdi, onuň hatarynda Krasnodar ülkesiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarymyz çykyş etdielr.
Toparymyz ýarym finala çykdy, ýöne has güýçli garşydaşlary olara finala çykmaga maý bermediler.
Beýik Ý...
Aşgabatlylar «Zamfirescu» rumyn üçlüginiň we aýdymçy Adrian Nuaryň döredijiligi bilen tanyşdylar
Magtymguly adyndaky Sazly drama teatrynda «Zamfirescu» rumyn maşgala üçlüginiň we aýdymçy Adrian Nuaryň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki çykyşlary boldy. Konserti Rumyniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.
Türkmenistanly aýdym-saz muşdaklary rumyn artistleriniň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar, döredijiliginde folklor, nusgawy ýewropa eserleri, flamenko ýaly dürli ugurlaryň täsirleri duýulýan Zamfireskularyň maşgala üçlügi diňe bir öz ilinde...
TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEKLIGIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler.
Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...