Tapylan netije sany: 2712
AHAL WELAÝATYNDA BMG-NIŇ GÜNI MYNASYBETLI TALYPLARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça BMG-niň kubogyny almak ugrunda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
BMG-niň güni mynasybetli geçirilen bu çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar...
ER-RIÝADDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň hünärmenleriniň arasynda tegelek stol geçirildi.
Tegelek stola Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň Baş direktory we akademiki düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy wekillerinden d...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HIROSAKI UNIWERSITETINIŇ HORMATLY DOKTORY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Hirosaki Un...
KORRUPSIÝA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÇÄRELER – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDA GEÇIRILEN OKUW SAPAGYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2019-njy ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ÝHHG-niň Ykdysady we ekologiki iş boýunça Utgaşdyryjysynyň Edarasy bilen birlikde «Korrupsiýa garşy göreşmek ulgamynda institusional we kanunçylyk gurallary» temasy boýunça okuw maslahatyny gurady. Okuw maslahaty Merkeziň «Döwlet dolandyrylyşynyň degişli tejribesiniň ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Çärä ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Içeri işler, Maliýe we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORYNYŇ TAGTA ÇYKMAGY MYNASYBETLI GEÇIRILÝÄN DABARA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Döwlet Baştutanymyz «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.
Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TBILISI ÝÜPEK ÝOLY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde üçünji Ýüpek Ýoly Forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna 60-a golaý ýurtdan 2 000-den gowrak adam, ýagny syýasy ýolbaşçylar, bilermenler we halkara guramalaryň wekilleri, işewürler gatnaşdy.
Forumda söwda, ulag we energetika, hususy telekeçilik we Gruziýanyň maýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON IŞEWÜRLERI BILEN ERTIRLIK NAHARYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda irden Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyk «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda iş ertirlik nahary görnüşinde geçirildi.
Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçil...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI RAÝATSYZLYK BOÝUNÇA SEMINARDA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan guralan raýatsyzlyk babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça okuw maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýeti beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada, 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekmegi netijesinde 2...
TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda, günüň birinji ýarymynda Tokio şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen duşuşdy.
Jenap Oşima ýokary derejeli myhmany mähirli garşylamak bilen, Türkmenistanyň baştutany bilen duşuşmak onuň üçin uly hormat bolandygyny belledi. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejeliligi hem-de ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE SINDZO ABE TÜRKMEN-ÝAPON ÖZARAHEREKETLERINIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda «Аkasaka» Köşgünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy geçirildi.
Ýokary derejeli myhmany mähirli garşylap, ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna Tokio gelmek hem-de Imperator Naruhitonyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Sindzo Abe Prezi...