Tapylan netije sany: 2712
BITARAPLYGA BAGYŞANAN ÝANWAR AÝYNDAKY MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BA-NYŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar.
Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy...
AŞGABATDA SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Muhammed bilen duşuşyk geçirildi.
Mähirli salamlaşyp, taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndak...
TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNINE BAGYŞLANAN YLMY-PRAKTIKI MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahaty geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň d...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY
2020-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy.
Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pr...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GFR-NYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler. Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw sa...
HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN ÖZARAHEREKETLERI GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILIP GEÇILDI
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE SAPARY
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy.
Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russ...
TÜRKMENISTANDA AÝALLARYŇ SAGLYGY WE MAŞGALADAKY ÝAGDAÝY BOÝUNÇA SYNYŇ GEÇIRILMEGI
2020-nji ýylyň 25-nji fewraly 1-nji apreli aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler.
Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler minis...