img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýañ işine işjeñ gatnaşýar

photo

Şu gün BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 66-njy mejlisiniň işine badalga berildi.

Mejlisiň dowamynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşde ýüze çykýan meseleler we olaryň öňüni almak bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu köptaraplaýyn duşuşygyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Içeri Işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda bu howpa garşy gazanylan oňyn tejribe, alnyp barylýan öňüni alyş işler we ileri tutulýan hyzmatdaşlyk ugurlary barada çykyş etdi.